Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi

  • 14.05.2022 08:53
  • 17k+

13-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogynyň umumy mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa umumy mejlisi açyp, şu ýyl dialoga türkmen tarapynyň başlyklyk edýändigini aýtdy. Ol 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen dialogyň pikir we tejribe, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak işinde iň oňat dünýä tejribesini alyşmak üçin netijeli çärä öwrülýändigini belledi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko gutlag sözi bilen çykyş edip, Aşgabatda geçirilýän ähmiýetli çärelere gatnaşmaga rus wekiliýetiniň çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.
Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ýakynda geçirilen Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Onuň sözlerine görä, Sekretariatyny Aşgabatda ýerleşdirmek bilen bu çärä yzygiderli häsiýet bermek baradaky başlangyç goldanyldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Aşgabatda şu çäräni geçirmek başlangyjy we döredilen şertler üçin Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Forumyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, umumy mejlis geçirilip, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynda gender deňligini ilerletmek meselelerine hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki meýilnamalaryna garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjy zenanlar dürli ählumumy hem-de Merkezi Aziýa toparlarynyň we Russiýanyň sebit guramalarynyňdyr birleşmeleriniň tejribesi bilen tanyşdylar.
Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň durmuş-medeni ösüşi boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.
Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezine bardylar. Olar bu ýerde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.
Türkmenistanda zenanlaryň dialogyny geçirmek tejribesiniň bardygyny ýatlamak ýerliklidir. 2021-nji ýylyň awgust aýynda şeýle forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebit görnüşi geçirilipdi.


düýn 20:56
3.4k+

Türkmenistanyň we Ukrainanyň bilim edaralary ylym, bilim we atçylyk babatda hyzmatdaşlyk ederler

24-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

düýn 20:47
1.4k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar...

düýn 15:10
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wan der Belleni Awstriýanyň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gutlagda...

düýn 15:03
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň we forumlaryň sanawyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi...