Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (22-nji bölüm)

  • 10.05.2022 13:07
  • 11k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (22-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Dördünji syr
OÝLANYŞYKLY IŞ MEÝILNAMASYNYŇ GÜÝJI

— Şeýlelikde, siz öz maksadyzy ýazdyňyz, ol maksadyň näme üçin gerekdigini bildiňiz hemem haýsy wagtda hasyl boljagyny bildiňiz, ýagny senesini goýduňyz. Indi sizde niýetiňiziň aýdyňlygy bar — siz näme isleýäniňizi, näme üçin isleýäniňizi, oňa haýsy wagtda ýetjekdigiňizi bilýäňiz — ýöne soň näme?
Ýaş ýigit halkara neşir ediji kompaniýasynyň baş redaktory Eriki Hilliň gapdalynda otyrdy, bu onuň sanawundaky dördünji adamdy. Ýaş ýigit hanym Hilli gören mahaly, onuň ýaşlygyna haýran galdy. Ol bular ýaly uly wezipede gartaşan adamy görjekdi. Hanym Hill 39 ýaşasa-da, öz ýaşyndan 10 ýyl ýaş görünýärdi. Onuň uzyn sary saçlary, melemtil dury gözleri synasyna gelşik berip, diýseň özüne çekijidi. Onuň üç sany çagasy bolsa-da, göwresi örän owadandy.
— Dogrumy aýtsam — diýip ýaş ýigit gürrüňe başlady, — bilmedim. Siz mamlamykaňyz diýýän, men öz maksatlarymy bilýän, ýöne oňa haçan ýetjekdigimi bilemok.
— Hawa, bu şeýle — diýip, hanym Hill aýtdy. — On iki ýyl mundan ozal menem siziň ýagdaýyňyzdadym. Men erkin žurnalist hökmünde işe başladym hemem şol wagtlar göwrelidim, üstesine çagalarymam bardy. Men şol wagtlar özümi gyzyklandyrýan ýaş eneler, maşgalalar barada ýazyp, makalalarymyň aglaba bölegini gazetlere, žurnallara satardym. Şol wagt üç sany çagamyň bardygyna garamazdan, durmuşymy gowy ýola goýupdym. Ýöne meniň başga arzuwym bardy — öz hususy žurnalymy neşir etmek. Ýöne bu maňa elýetmez arzuw ýaly bolup görünýärdi, sebäbi munuň üçin gaty kän pul gerekdi.
Bir gezek birinden interwýu almak üçin demirgazyga gitdim hemem garşymdan gelýän garry hytaýlyny gördüm, ol hem şol şähere barýardy. Onuň şähtaçykdy, şonuň üçinem ýolumyzyň agramly bölegini gürleşip geçirdik. Gürrüň arasynda men özümiň žurnalistdigimi hemem hiç wagt başa barmajagyny bilsemem, hususy žurnalymyň bolanyny isleýändigimi aldym, sebäbi munuň üçin ep-esli pul gerekdi.
Ol maňa tarap egildi-de, elimden tutup, şeýle diýdi: «Eger muny isleýän bolsaňyz, bu eýýäm arzuw däl».
— Bu näme diýdigi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Menem oňa şo soragy berdim — diýip, hanym Hill jogap berdi, — garry hytaýly maňa şeýle diýdi: «Adam akylyna daýanyp, ynanýan zatlaryna ýetmegi başarar». 
Ýaş ýigit garry hytaýlynyň özüne aýdan şol sözüni ýadyna salyp, ýandepderçesine bir zatlar bellik etdi.
— Şondan soň garry Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň berdi — diýip, hanym Hill gürrüňi dowam etdi. — Ol maňa on sany adamyň telefonyny berdi-de, olaryň şol syrlary düşündirip biljekdigini aýtdy. Meniň olary görmegimiň sebäbi — mundan bir zatlar ýazsa bolar diýip pikir etdim, ýöne bahym olaryň garrynyň sözüni berjaý edýändiklerine göz ýetirdim. Ine, şol syrlaryň biri hem meniň durmuşymy bütinleý üýtgetdi. Bu oýlanyşykly iş meýilnamasynyň güýjüdir.
— Muňa nähili düşünmeli? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi.
— Näme isleýäniňi hemem näme üçin isleýäniňi bilmek örän zerur, maksadyňa ýetmek üçin käwagtlar onuň birem ýeterlik. Ýöne, eger siz öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmek üçin bir zatlar etmekçi bolsaňyz, oňa ýetmek üçin etjek hereketleriňiziň ugrunda işlemeli bolarsyňyz. Men «Oýlanyşykly iş meýilnamasy» diýip şuňa aýdýan.
Üstünlik gazanýan sportsmenleriň ählisi öz geljegini meýilleşdirýär. Olar ýaryşdan öň talaba laýyk bolmak üçin türgenleşik wagtynyň tertipnamasyny düzýär. Ýaryşa iki hepde galanda ýa-da ýaryşdan soň bu zatlaryň geregi ýok. Eger gowy netije görkezmek isleýän bolsaň, onda ýaryşa wagtynda taýýar bolmaly. Durmuşda-da şonuň ýaly, maksadyna ýetmek üçin oýlanyşykly meýilnamasy düzüp, şonuň ugrunda hereket etmedik ýekeje millionerem ýokdur. Birnäçe ýyl mundan ozal men bir baý söwdegäre: «Üstünligiň syry nämede?» diýip sorag berdim. Ol maňa islendik zada ýetmek üçin üç düzgüne boýun bolmalydygyny aýtdy: taýýarlykly bolmaly… taýýarlykly bolmaly… we taýýarlykly bolmaly! Bu jogabyň çuňňur manysy bar. Siz arhitektoryň çyzgysy bolmasa, jaý salyp bilerin öýdýäňizmi? Özüňize nähili çig malyň hemem enjamyň gerekdigini, jaýyň düýbüni nireden tutmalydygyny, o jaýyň nähili bolmalydygyny hemem näçe gatdan ybaratdygyny bilersiňizmi? Eliňizde meýilnamaňyz bolmasa, siz hatda nämeden başlajagyňyzam bilmersiňiz.
(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...