Fewralda welaýatlarda 30 müň gektarda ýazlyk ýeralma, 10 müň gektarda sogan ekiler

  • 01.02.2022 10:15
  • 6.6k+

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly 31-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly tabşyryklary bereninden soňra, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen, sebitleriň ýolbaşçylary welaýatlarda alnyp barylýan işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişine, tohumlary hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 30 müň gektar ýerde ýazlyk ýeralmanyň, 10 müň gektar meýdanda soganyň ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Tutuş 2022-nji ýylda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şol sanda 65 müň gektar ýerde ýazlyk ekiş, 41 müň gektar ýerde güýzlük ekiş geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......