Berdimuhamedow: «Sebitleriň ýol gurluşygynda ýüze çykarylan kemçilikler ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr»

  • 25.01.2022 11:10
  • 25k+

24-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol gurluşygy boýunça degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň, tehnikalaryň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilendigini we şu döwürde ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň derejesiniň pese gaçandygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokuror B.Atdaýewiň degişli ugurda geçirilen seljermeleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňledi.

Baş prokuroryň hasabat berşi ýaly, ýol gurluşygyna degişli düzümleriň tehnikalarynyň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilmegi bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan ýol gurluşygy işleriniň derejesiniň pese gaçandygy, degişli tehnikalaryň kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaýandygy, ätiýaçlyk şaýlaryň ýetmezçilik edýändigi ýüze çykaryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň çäklerinde ulag ýollaryny talabalaýyk saklamak we täzelerini çekmek işlerine ýaramaz täsirini ýetiripdir.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu işleriň şeýle derejede guralmagynyň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi we degişli ugur boýunça prokuror gözegçiligini dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......