Merkezi Aziýanyň baş diplomatlary Nýu-Delide duşuşýarlar

  • 19.12.2021 10:05
  • 5.9k+

Owganystandaky ýagdaý we ösüş maksady bilen sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri Hindistanyň bäş sany Merkezi Aziýa döwletleri bilen şu gün, 19-njy dekabrda geçirjek üçünji dialogynyň ileri tutulýan temalary bolar.

Öňküsi gün, şenbede Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar Nýu-Delä sapar bilen gelen DIM ýolbaşçylary üçin günortanlyk naharyny gurady. Ýokary derejeli myhmanlaryň hormatyna şeýle hem medeni şüweleň guraldy.

«Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini gepleşiklerimizden öň dabaraly günortanlyk naharynda garşyladym. Medeni şüweleň biziň ýakynlygymyzyň ýene-de bir ýatlatmasy boldy» diýip Jaýşankar Twitter sahypasynda ýazdy.

Gepleşiklere Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýar.
DIM ýolbaşçylarynyň maslahaty şeýle hem söwda we sebit boýunça aragatnaşyklara hem bagyşlanar.
«Hindistan — Merkezi Aziýa» daşary işler ministrleriniň ikinji dialogy 2020-nji ýylyň oktýabrynda wideomaslahat görnüşinde geçirilipdi.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
695

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.9k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....