Berdimuhamedow: «Türkmenistanda VI Hazar sammitini hökman geçireris»

  • 11.12.2021 23:18
  • 6.8k+

Hökümetiň 10-njy dekabrda diplomatik gullugyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Azerbaýjandaky, Eýrandaky, Gazagystandaky, Russiýadaky ilçilerimize bu ýurtlaryň hökümetleri bilen Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly özara gatnaşyklary güýçlendirmek tabşyryldy.

Bu sammit şu ýyl belli sebäplere görä geçirilmedi. Ýagdaýlar mümkinçilik beren badyna, biz bu sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde we many-mazmuna baý görnüşde hökman geçireris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu soragy hemişe gözegçilikde saklamagyň geljek döwürde öňde durýan ileri tutulýan wezipedigini nygtady.    

Ýeri gelende bellesek, türkmen Lideri öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda geljekde ýerine ýetirilmeli möhüm wezipeler barada jikme-jik durup geçdi we anyk tabşyryklary berdi. Olaryň hatarynda dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, pandemiýa garşy bilelikde göreşmek, ykdysady diplomatiýa boýunça anyk işleri alyp barmak, türkmen Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, ýokary derejeli çäreleri guramakda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmak bilen bagly meseleler bar.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......