Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýubileý medallaryny gowşurdy

  • 14.11.2021 23:53
  • 10k+

Döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew we Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýew «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem baýramçylygyň öňüsyrasynda köp sanly oba zähmetkeşlerini, tapawutlanan daýhanlary «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglady.

Belläp geçsek, 14-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň uly sergisi guraldy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....