Türkmenistan Owganystandaky çökgünligi kadalaşdyrmak boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar

  • 12.11.2021 08:48
  • 10k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsyzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanow Nýu-Delide Owganystan boýunça geçirilen halkara duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga Russiýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlary hem gatnaşdylar.

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda beýan edilen maglumata görä, duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda ähli etniki toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiň düzülmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Taraplar bu işde BMG-niň ornuny belläp, bu guramanyň Owganystanda öz işini geljekde-de alyp barmagyny gazanmagyň ähmiýetli boljakdygyny aýtdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda durmuş-ykdysady, ynsanperwer ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyna biynjalyklyk bildirip, owgan halkyna gyssagly ynsanperwerlik kömegini bermegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, Owganystanyň çäkleri terrorçylykly hereketleri amala aşyrmak we olary maliýeleşdirmek üçin ulanylmaly däldir. Şoňa görä-de, taraplar terrorçylykly hereketleriň ähli görnüşlerine garşy bilelikde göreşmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......