Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejesinde goşulmagynyň sebäplerini düşündirdi

  • 10.11.2021 19:03
  • 7.4k+

«TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory bilen söhbetdeşlikde türkiýeli žurnalistiň «Şu ýyl Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagyna garaşylýar. Bu gurama synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdyp beräýseňiz?» diýen sowalyna türkmen Lideri, ine, şeýle jogap berdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen dünýäniň 185 ýurdy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Geçen döwürde ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk daşary syýasaty öz netijeliligini, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdanymyzda bolsa, Türkmenistan bu geňeşiň mejlislerine hemişe ýokary derejede işjeň gatnaşyp gelýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etdik — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......