Sadyr Japarow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 06.11.2021 23:45
  • 3.5k+

5-nji noýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» birinji Ykdysady forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis bilen duşuşdy. Bu barada Tazabek.kg Prezidentiň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

S.Japarow birinji Ykdysady forumyň hut sebitiň döwletleriniň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän ýylynda öz işine başlamagynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Prezident Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda özara gatnaşyklar üçin niýetlenen bu gepleşikler platformasynyň Häkimiýetleriň, hususan-da, hususy toplumyň wekilleriniň we halkara maliýe institutlarynyň kommunikasiýasy üçin netijeli format boljakdygyna umyt bildirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis bu Forumyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda sebit hhyzmatdaşlygynyň möhüm tapgyry bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň wekilleri öz çykyşlarynda bu Forumyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürleriniň we döwlet edaralarynyň hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döretmegine garaşýandyklaryny beýan etdiler.
Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow Ykdysady forumyň sebitde hem-de Ýewropa Bileleşiginde hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......