Gazagystanyň Prezidentine ahalteke bedewi we aw tazysy sowgat berildi

  • 25.10.2021 08:17
  • 23k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 24-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Bu ýerde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Gazagystanyň doganlyk halkyna Ganatly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti S.Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Böwser atly ajaýyp aw tazysyny gazak halkyna dost-doganlygyň nyşany hökmünde gowşurdy. Belent mertebeli myhman Gazagystanyň halkyna bildirilen hormat we ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


düýn 10:07
2.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

06.06.2026 10:03
14k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......