Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Aşgabada geldi

  • 24.10.2021 18:46
  • 9k+

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Aşgabada geldi. Bu barada gazak Lideriniň metbugat sekretary Berik Uali öz Facebook sahypasynda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Tokaýew  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistanda iki günlük döwlet saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasynda ikiçäk we giňişleýin düzümdäki gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutuldy. Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine serederler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda goňşy döwletler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça giň gerimli özara hereketleriň oňyn tejribesini topladylar. Bu gün döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna hem gatnaşdy we onuň çäklerinde türkmen Lideri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. 


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......