Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Aşgabada geldi

  • 24.10.2021 18:46
  • 8.8k+

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Aşgabada geldi. Bu barada gazak Lideriniň metbugat sekretary Berik Uali öz Facebook sahypasynda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Tokaýew  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistanda iki günlük döwlet saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasynda ikiçäk we giňişleýin düzümdäki gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutuldy. Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine serederler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda goňşy döwletler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça giň gerimli özara hereketleriň oňyn tejribesini topladylar. Bu gün döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna hem gatnaşdy we onuň çäklerinde türkmen Lideri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. 


şu gün 15:58
2.5k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

şu gün 09:14
2.5k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär...

şu gün 08:01
5.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi...

düýn 17:19
2.2k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...