«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Estoniýanyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

  • 05.07.2025 18:19
  • 3.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullady. Degişli teklibi anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara guramalar bilen sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......