Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta hasyly ýygnalar

  • 09.09.2021 01:46
  • 4.2k+

8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Habar berlişi ýaly, şu ýyl  620 müň gektara gowaça ekiler. Ýaz paslynda şunça meýdana gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun”, “149 F”, “Gubadag-3”, “C-2606” hem-de inçe süýümli “Ýolöten-14”  görnüşleri ekildi. Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” kysymly  pagta ýygýan kombaýnlaryň bir müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we  traktor tirkegleriniň  3 müň 620-si ulanylar. Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 122-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň  ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.


düýn 16:30
531

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......