Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

  • 26.07.2022 19:46
  • 18k+

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hakyky Baýlygyň onunjy syry — haýyr-sahawatyň güýji

1. Beýlekileriň kömegi bolmasa ýa-da beýleki adamlara kömek bermeseň baýlyga ýetmek gaty kyn.
2. Beýlekilere kömek etmek bilen biz özümize kömek edýäris.
3. Gazanjyňyzyň on göterimini mätäçlere berjek boluň. Siziň beren ähli zadyňyz artygy bilen özüňize gaýdyp geler.
4. Haçan-da, birine kömek edeniňizde, bolçulyk duýgusynyň aňyňyza ornaşandygyny duýarsyňyz.

SÖZ SOŇY

Ýaş ýigit ukuda ýatan aýalydyr çagalaryny oýarmajak bolup, ýuwaşlyk bilen gapyny ýapdy. Ol maşk edýän geýimlerini geýip, seýilbaga ugran wagty daşary heniz garaňkydy, daň agarmandy. Garry hytaýly bilen duşuşanyndan soň, ol bu pişäni özüne adat edinipdi.
Ýol bilen barýarka, onuň pikirleri yza — şol bolan duşuşyga bakan dolandy. Geçen bäş ýylyň içinde şeýlebir köp zat bolupdy welin, onuň durmuşynda bolup geçen özgerişliklere hatda ynanar ýaly däldi.

Garry bilen duşuşanyndan bir ýyl geçenden soň, ýaş ýigit özüniň bergidarlary bilen haklaşdy hemem girdejisiniň on göterimini tygşytlap ugrady.
Ýene alty aý geçenden soň, häzirki işini taşlady-da, öz başyna kiçeňräk işe başlady — öýde işleýänler üçin maglumat býulletenini neşir edip ugrady. Ol hut şu iş barada-da arzuw edipdi, sebäbi öýde işleýänler üçin maglumat baýlygynyň gaty azdygyny bilýärdi. Ol bu işi ýola goýmak üçin köp zatlardan — kompýuter tehnologiýasyndan, salgytdan, hukuk soraglaryndan, mundan başga-da, adamlar işlerini öýde dolandyryp biler ýaly bu ugurdaky hyzmatlardan baş alyp çykmaly boldy.
Maglumat býulleteni ýokary üstünlik gazandy, ýene sekiz aýdan ol ilkinji kitabyny ýazyp gutardy, onuň yzandan alty sany kitaby çykyp, bäşisi daşary ýurtlarda neşir edildi, ol bu zatlaryň baryny üç ýylda etmegi başardy.
Şu ýyllaryň içinde ol bir gyz bilen tanyş bolup, oňa-da öýlendi, aýaly bolsa oňa iki sany eýjejik çagany sowgat berdi. Maşgalasy onuň hakyky baýlygydy, galan zatlar ikinji derejededi. Ol adam bagtyny ähli zatdan ýokary goýýardy. «Maşgalanyň berýän söýgüsini, şatlygyny, bagtyny heýem bir zatlar bilen ölçäp bolarmy?» diýip, ol gaýtalamany gowy görerdi.
Käwagtlar oňa: «Bu zatlary nädip gazandyň? Bu duýdansyz dörän amatly pursatmy ýa-da lotereýa utugymy?» diýip sorag bererdiler. Aýratynam bu soragy muny öňden tanaýan adamlar bererdi. Ol şonda garry hytaýly bilen bolan duşuşygy hemem Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň bererdi. Onuň gürrüňlerine hemme kişi ynanmazdy, ýöne ony üns bilen diňläp, Hakyky Baýlygyň syrlaryndan peýdalanýan adamlaram bardy. Şol adamlar diňe bir girdejilerini artdyrman, durmuşyň iň ähmiýetli tarapyny tapandyklaryny aýdýarlar. Olaryň aýdyşy boýunça, puldanam, ähli zatdanam gymmat bir zat bar, ol hem durmuşa bolan täze garaýyş. Başga birine kömek berip, şatlanyp bilýän adam, islendik adamdan baýdyr. Ol adamlar kynçylykly döwrüň gurbany bolman, öz ykballarynyň eýeleridir.
Ýaş ýigit her gün seýilbagdan geçip barşyna, garry hytaýla duşaryn diýip umyt edýärdi. Şol duşuşykdan soň, durmuşda nähili özgerişlikleriň bolup geçendigini hemem ähli bolan zatlar üçin oňa sag bolsun aýdasy gelýärdi. Ýöne bu gün hem, hemişe bolşy ýaly, garrydan nam-nyşan ýokdy.
Ol öýüne dolanyp gelende, mawy asman ýagtylyp, eýýäm gün dogupdy. Ýaş ýigit poçtadan hat-petegini aldy-da, aýalyna çaý demlemek üçin çäýnekde suw goýdy. Birden telefonyň sesi çykdy, ýaş ýigit ony almak üçin tarsa ýerinden turdy. Entek jaň gelerden irdi, sagat ýaňy ýedi bolupdy.
Ol telefony galdyran-da, «Salam» — diýen ses eşidildi. — Siz meni tanamarsyňyz. Meniň adym Arnold Benks. Daň bilen bimaza edenim üçin bagyşlaň, ýöne men ýap-ýaňy garry hytaýla duşdum. Ol siziň telefon belgiňizi berdi-de, maňa bir zady düşündirip biljegiňizi, ýagny…
— Hakyky Baýlygyň syrlarynymy? — diýip, ýaş ýigit onuň sözüni böldi.
— Hawa — diýip, telefondaky adam tassyklady, — Hakyky Baýlygyň syrlaryny».
— Elbetde — diýip, ýaş ýigit begenjini gizläp bilmän aýtdy. — Uly höwes bilen! 

Soňy.


23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

11.07.2022 21:06
12k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...