Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (37-nji bölüm)

  • 11.07.2022 21:06
  • 12k+

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Dokyzynjy syr
YNAMYŇ GÜÝJI

Ertesi gün ýaş ýigit öňkülerinden has ir oýandy. Ony bir sorag öz erkine goýanokdy: duşuşan adamlaryna Hakyky Baýlygyň peýdasy degenem bolsa, özüne degermikä? Gaty bir ynamy bolmansoň, bu pikir onuň aňynda durman aýlanýardy. Onda öz işini açmak barada pikiri bardy, ýöne birden öňde şowsuzlyk garaşýan bolsa näme? Netijede, häzirki ýagdaýyndanam pese düşse näme? Ol uzakly gije bu meseläniň çözgüdini tapjak bolup oýlandy, ýöne hiç zat kellesine gelmedi. Oňa möhüm meseleleri çözmek hemişe-de kyndy. Ýalňyşan ýagdaýynda bu onuň galan ömrüne täsir etjekdi. Biraz pikirlenip oturandan soň, bu soraga sanawdaky indiki adam kömek eder diýen umyt döredi.
Saýmon Lewis saçynyň düşendigine hemem altmyş ýaşdan geçendigine garamazdan, edil ýaş oglan ýalydy. Ol her gün wagtly-wagtyna maşk edip, bagdaky işlerinden lezzet alardy. Onuň sözi boýunça, bu oňa özüni ýaş duýmaga kömek edýärdi. Onuň daş sypaty üstünlik gazanan işewür adamlara meňzeýärdi. Egninde buýrulyp tikilen örän owadan garamtyl çal kostýumy, boýnunda atanakly galstugy bardy, edil şoňa meňzeş elýaglyk bolsa döşki jübüsinden çykyp durdy.
Jenap Lewisiň şäheriň çetinde uly hususy toplumy bolup, onuň kompaniýasy welaýatyň iň öňdebaryjysydy hemem bir ýylky gazanjy ýakyn bäsdeşiniňkiden azyndan on esse artykdy. Ýaş ýigit bahym jenap Lewisiň durmuşda hemişe munuň ýaly ýaşamandygyny bildi. Hakykatda, ol bütin ömrüne, eger has dogrusyny aýtsak, tä altmyş ýaşaýança pul ýetmezçiliginden kösenip gelipdir. Mundan bäş ýyl ozal ol şäheriň etegindäki köne, bolgusyz jaýlaryň dördünji gatynda ýaşaýardy hemem işlerini ýöretmek üçin özüne laýyk jaý edinmäge mümkinçiligi bolman, mejbury ýagdaýda bir otagly öýäniň aşhanasynda işleýärdi.
Ýöne bu gün ýaş ýigidiň öňünde tutuş ýurt boýunça iň bir öňdebaryjy kompaniýanyň düýbüni tutujylarynyň biri otyrdy. Ýaş ýigit durmuşyny ýüz segsen gradus beýlesine öwren adamyň gürrüňini bahymrak diňläsi geldi.
— Bar zat bäş ýyl mundan sähel öňräk başlandy — diýip, jenap Lewis gürrüňe başlady. — Men aşhanada oturan ýerimden: «Bu kynçylyklary nädip ýeňip bolarka?» diýip pikir edýärdim. Altmyş ýaşyma golaýlanam bolsam aňrymda pulum ýokdy, tersine, bir giden bergim bardy, şonuň üçinem garrylygy oňat geçirmegiň aladasyny edýärdim. Men «Time» žurnalynda bir makala gördüm, onda «altmyş ýaşa ýeten erkekleriň azyndan sekiz göterimi, aýallaryň bolsa azyndan iki göterimi pul garaşsyzlygy bilen öwnüp biler hemem adamlaryň bir göterimindenem azyny baý ýa-da gurply hasap edip bolar» diýlip ýazylypdyr. Bu meni örän tukatlandyrdy, çykgynsyz ýagdaýa düşen ýaly boldum. Onsoň oturdym-da, häzirki ýagdaýdan baş alyp çykar ýaly bir zatlaryň bolmagyny Hudaýdan dileg etdim.
Birdenkä ses eşidildi: «Alada etme, munuň hiç haçan bolmazlygy mümkin!» Kellämi galdyranymda öňümde gündogarly bir adam ýylgyryp durdy. Ol menden näme üçin aşhanada işleýändigimi sorady. Men ýagdaýymyň agyrdygyny düşündirdim, ol düşünýän diýen manyda başyny atdy-da, agyr günleriň hiç wagt gutarmaýandygyny, ýöne hereket etseň, baş çykaryp bolýandygyny aýtdy.
Onsoň biz gürleşip ugradyk. Bahym ol Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň gozgady. Men bu barada öň eşitmändim, ýöne garrynyň aýdýan zatlarynda many bardy. Gitmezinden öň ol maňa on sany adamyň telefon belgisini uzatdy-da, şeýle diýdi: «Eger durmuşyňy üýtgedesiň hemem Hakyky Baýlyk edinesiň gelýän bolsa, şu adamlar bilen duşuş».
Garry adamyň sanawundaky adamlar bilen bolan duşuşyk barada aýdyp oturmagyň hajaty ýok, ýöne şondan soň gudrat döräp, meniň durmuşym, hatda pikir edişimdenem beter üýtgedi. Bu zatlar üçin men Hakyky Baýlygyň syrlaryna minnetdar.
— Olar size nädip kömek etdi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Olar durmuşdaky ornum üçin özümiň jogap berýänligime hemem ony üýtgedip bilmäge güýjümiň bardygyny aýtdylar. Ýöne, göwnüme bolmasa, şol syrlaryň içinden maňa aýratyn kömek edeni — ynamyň güýjimikä diýýän, sebäbi men şol wagtlar umytdan düşüp, geljege bolan ynamymy ýitiripdim.
— Ynamyň güýji? — diýip, ýaş ýigit gaýtadan sorady. — Ýöne ynamyň baýlyga näme dahyly bar?
— Gönüden-göni — diýip, jenap Lewis jogap berdi. — Durmuşyň ähli zady ynam bilen başlanýar. Eger edýän işlerimiziň başa barjagyna ynanmasak, onda biz öz arzuwlarymyzy durmuşa geçirip bilmeris. Adam şübheli duýgulara berilse, köplenç başlan işini bes edip, boýun synmak bilen bolýar.
Garry hytaýla duşan çagym, men işlerimi gowulamagyň ýoluny agtarýardym. Meniň kelläme gelen ýeke-täk pikir — döwlet gazetinde bildiriş kompaniýasyny döretmek boldy, ýöne bir mesele bardy, bu örän töwekgelli işdi, sebäbi munuň üçin gaty kän mukdarda pul gerek bolup, netijesiniň oňat boljagyna hiç hili kepil ýokdy. Ýöne bu başa barsa, netijesi örän gowy boljakdy.
— Ýeri, onsoň näme etdiňiz? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Hiç zat — diýip, jenap Lewis jogap berdi. — Men entegem: «Eger bu başa barmasa, nähili bolar?» diýip pikir edýärdim, sebäbi bu meni düýbünden tozdurjakdy. Bildiriş kompaniýasyny pul bilen üpjün etmek üçin men bankdan uly möçberde pul almalydym, şonuň üçinem, eger bu başa barmasa, bäş ýyllap bergiň aşagyndan çykyp biljek däldim.
Mende: «Bu iş başa barar» diýen hiç hili delil ýokdy, sebäbi üstünlige örän kynlyk bilen ýetýärdim, şonuň üçinem ýetjegime ynamym ýokdy.
Garry hytaýlynyň sanawundaky adamlaryň biri şeýle diýdi: «Eger ikirjiňlenýän ýa-da şübhelenýän bolsaňyz, onda özüňize bir sorag beriň — şowsuzlyga düşmejegiňizi bilýän bolsaňyz, nähili hereket edersiňiz?» Elbetde, şowsuzlyga düşmejegimi bilýän bolsam, bankdan pul alyp, işe başlardym. Şonda ol adam şeýle diýdi: «Ine-de, siziň soragyňyzyň jogaby. Şowsuzlyga düşmejegiňizi bilýän bolşuňyz ýaly hereket ediberiň». Şondan soň ol kagyza bir zatlar ýazdy-da, maňa uzatdy. Onda şu sözler bardy: «Batyrgaý bol, şonda ullakan güýjüň kömege gelýändigini duýarsyň!»
«Batyrgaý bol»! Men öň hiç wagt batyrgaý däldim. Elmydama gorkudyr şübhäniň astynda ýaşardym, bu bolsa maňa hereket etmäge zyýan bererdi. Indi yzyma garaýaryn welin, öňler näme üçin üstünlige ýetmeýänligime düşünýän. Gorky hemem şübhe zerarly men hiç wagt aýgytly netijä gelip bilmeýän ekenim.
Jenap Lewisiň aýdýan zatlary ýaş ýigidiň ýüreginden turýardy. Ol aýgytly pursat gelende, yza süýşmek endiginiň bardygyny gaty gowy bilýärdi. Bu häsiýeti hemişe zyýan berýänem bolsa, oňa garşy hiç zat edip bilenokdy.
— Bilýäňizmi näme — diýip, jenap Lewis sözüni dowam etdi, — men şu ömrüme: «Bir işi etmän oturandan, ony edip, şowsuzlyga düşen ýagşy» diýen sözleri kän eşitdim.  Ýöne adamlaryň köpüsi muňa başgaça düşünýär? Olarda: «Gowusy synanmazlyk, eger synanmaly bolsa, hökman ýeňmeli» diýen düşünje bar.
Eger bir zatlar etmek isleýän bolsaňyz, siz hiç wagt bütinleý şowsuzlyga düşmersiňiz, bolmanda, bu size bir zatlary öwreder.
Adamlaryň köpüsi baýlyk toplamak islänok, sebäbi şowsuzlyga düşerin öýdüp töwekgellik edesleri gelenoklar. Ýöne durmuşyň özi töwekgellik. Size bir zat görkezmäge ygtyýar beriň — diýip, jenap Lewis ýaş ýigide bir tagta kagyzy uzatdy.

(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...