100 ýaşdan geçen türkmenistanlylaryň uzak ýaşamagynyň syryny bilmek isleýärsiňizmi?

  • 30.07.2021 16:40
  • 43k+

Häzir Türkmenistanda 100 we ondan ýokary ýaşly raýatlarymyzyň köp sanlysy hasaba alyndy. Olaryň içinde ýaşy 121-den geçeni-de bar. Häzir dünýäde ýaşy 100-e ýetip barýan adamlaryň sany ýarym million hasaplanýar. Ýaşy 110-a ýetenler bolsa ondan has az. Edil häzir 118 ýaşly, ýaponiýaly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy hasaplanýar. Adamzadyň taryhynda iň köp ýaşan adam hökmünde bolsa 122 ýaşynda aradan çykan fransuz zenany Žanna Kalman hasaba alyndy. Dünýä alymlary adamlaryň ömür salynyň 2100-nji ýyla çenli 125 — 130 ýaşa ýetmek mümkinçiliginiň bardygy hakyndaky çaklamalaryny aýdýarlar.

Aslynda, uzak ýaşamagyň syry-ýoly hakynda dürlüçe garaýyşlar bar. Alymlar köp ýyllar bäri, ynsan ömrüniň uzaklygy barada ylmy garaýyşlary teswirläp gelýärler. Emma iň dogry pikir, ahyrky netije uzak ýaşly adamlaryň bu sowala öz berýän jogaplary bolsa gerek. TmCars.info «Türkmenistan» gazetinde berlen maglumatlara salgylanyp, bu sowala uzak ýaşlylaryň özleriniň beren jogaplaryny okyjylarymyza ýetirýär.  

Ajapsoltan HAJYÝEWA,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň ýaşaýjysy. 1900 ý.
1 ogly, 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar.

Döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly
— Hemişe halal ýaşamaly, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däl. Eger işlemeseň, seniň bedeniň garramak bilendir. Ejemden ir aýryldym... ykbal işidird-ä... Aýagymyň aşagyna oturgyç goýup, tamdyrda nan ýapardym. Jigilerim kiçidi, kakama kömekleşmesem, özüm üçin uýatdy. ...Soň gaza giderdim. Döwek döwerdim. Keçe-de basdyk, halam dokadyk. Şeýdip-şeýdip, zähmete bişişdim. Şol işler meni taplan eken... Men uzak ýaşamagyň syry zähmetde, parahatçylykda diýip düşünýärin. Zähmet ýüregi tämizleýär. Ýüregiň päk bolsa, durmuşyňam arassa bolýar. Iň esasy-da döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly... Ýöne nesliňe-de bagly bolaýmasa uzak ýaşamak. Kakamam, doganlarymam ýüz ýaşa golaý bardylar...

Sapartäç NURYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy. 10.07.1907ý.
5 gyzy, 1 ogly, 25 agtygy, 79 çowlugy, 6 ýuwlugy bar.

Zähmet çek, ýöne halal bolsun!
— Biz kyn döwri başymyzdan geçirdik. Bir aýagymyz çarykly, beýleki aýagymyz çokaýly gezdik. Gijesi-gündizi işledik. Gije işden gelenimizden soňam okuw okadyk... Likbez okuw diýerdiler... Häzir gowy döwür. Prezidentimiz sag bolsun, gowy döwri görkezeni üçin taňryýalkasyn.
Işden adama zyýan gelmez. Saglygyňa peýdaly ol. Baý-baý, işlärdig-ä. Şonda-da hiç zat bolmady bize. Uzak-uzak ýaşamagyň sebäbi-de şol ahyryn! Kyn döwür boldy, ýaman kösenilerdi. Asyl, pagtany taraktr bilenem ekip bolýan eken-ä. Biz giden-giden meýdanlara pagtanyň çigidini el bilen ekýärdik, taraktr ýokdy. Bu gowy günleri görmegem bar eken.
Zähmetden gaçmadyk, halal işledik. Wah, işden gaçaňda maňlaýyňy nirä urjak... ...Öý tutardyk, bejererdik. «Azajyk derdi aş basar» diýilýär-ä, zähmetem şeýle-dä...

Annabagt ANNALYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Igdir obasynyň ýaşaýjysy. 23.03.1913 ý.
2 ogly, 3 gyzy, 49 agtygy, 26 çowlugy bar.

Aladalardan saplanyň, ýüregiňizi ýaş saklaň!
— Eli ýarag tutanyň bary urşa gidensoň, obada işläre erkek göbekli galmandy. Obanyň golaýynda düme gawun-garpyz, bugdaý ekip, hasyl alardyk. Düýe sagyp döwlete tabşyrardyk, ýag çyranyň yşygyna ik egrip, ellikdir jorap örüp, fronta ugradardyk. Garagumdan odun ýygyp, çagalar öýlerine, hassahanalara tabşyrýardyk... Herki zaman rysgalymy halal zähmetden, eden ýagşy işlerimden gözledim. Adamlaryň ýürekden aýdýan taňryýalkasynyny alyp bilsem, özümi bagtly saýdym. Häli görseň, türkmenler «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» diýýändirler. Süýji sözli, güler ýüzli, sabyrly bolmak adamy bezeýär. Uzak ýaşamagyň syry hem hiç zady alada etmezlikde-dä. Aladalardan saplanmagyň gowy ýoly bar: adamlar bilen hemişe tüýs ýürekden hal-ýagdaý soraşmaly. Men her gün şeýle edýärin... Ýüregiňi ýaş saklajak bolmaly, ony garrylyga bermeli däl. Ýüzüňdäki ýakymly ýylgyryş bilen adamlara ýüregiňi açmaly. Eger şuny etseň, maşgalaňam, hemmelerem seni hemişe görmek islär...

Mihail HAÇATUROW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy. 23.12.1918 ý.
1 ogly, 3 agtygy, 2 çowlugy bar.

Ýürekdeşiňizi tapyň!
— Durmuş gowy bolanda, söýgüli käriň eýesi bolsaň, ömrüň uzalmagyna täsir edýän eken. Uzak ýaşamak üçin üç zady hem ýerine ýetirmeli: maşk etmeli, dogry naharlanmaly, wagtyňy ýürekdeş adamlar bilen geçirmeli. Hawa, öz ýürekdeşiňi tapmaly, onuň bilen bagtly bolmaga çalyşmaly...
Iýip-içenimde-hä, nahar saýlamaýaryn. Işdäm alsa, iýiberýärin. Işdäň alan zadyndan saglygyňa zyýan gelmez. Beýik Watançylyk urşunyň, 48-iň kynçylyklaryny egnimde çekdim. Palawam, böregem iýýärin... Her gün irdenki maşklary ýerine ýetirýärin, az-kem ýöreýärin... Uzak ýaşamak, onsoň nesil yzarlaýan bolsa-da bolar. Daýzam 100 ýaşady. Garry atam, garry enem dagy hem 100-e golaý ýaşadylar. Nesip bolsa, şu ýylyň dekabrynda menem 103 ýaşamaly. Ýöne özümi örän ýaş duýýaryn. Meniň heniz etmeli işlerim bar. Şolaram meni ruhlandyrýar.

Meretgül GYLYJOWA,
Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň ýaşaýjysy. 2.01.1920 ý.
1 ogly, 6 agtygy, 24 çowlugy, 10 ýuwlugy bar.

Şükürli bol, ynamly ýaşa!
— Zähmet adamy terbiýeleýär. Adam zähmetden gaçmaly däl, hemişe hereketde bolmaly, sagdyn iýmitlenmeli.
Agtyk-çowluklarym — meniň esasy güýmenjäm. Olara seredip, geçen durmuş ýolumy ýatlaýaryn. Balalarymyň häzirki gowy döwürde ýaşaýanyna buýsanýaryn... Adamda ertirine bolan ynam bolmaly, gününe bolan şükürini dilinden goýmaly däl, diýenini ýüreginden diýmeli... Men her gije uklanymda, körpeje balajyklary ertir ýene-de görjekdigime ynanýaryn. Goý, çagajyklar adamlara umyt berewersinler...
Iň ýönekeýje zatlardanam lezzet aljak bolmaly. Biz kynçylykly döwürleri görüp-görüp, ine, Hudaýa şükür, indi agzymyz aşa ýetdi, halkymyz baýnady. Tüweleme! Eziz Prezidentimiz görülmedik gowy günlere ýetirdi. Şu durmuşyň gadyryny bilip, halal işlemeli, halalam ýaşamaly.
Ýüregiňe ýakyn adamlaryň ýanynda bolmaly, ir ýatyp, ir turmaly, köp hereketde bolmaly... Onsoň, ýaşyň köpeler barar...

Şeýle hem okap bilersiňiz:


27.01.2026 21:02
11k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
11k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...

18.01.2026 15:07
3.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär...

12.01.2026 17:01
4.7k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...