Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy Ýaponiýada uzak ýaşamak boýunça rekordy täzeledi

  • 20.09.2020 16:28
  • 35k+

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy Kane Tanaka Ýaponiýada ömür dowamlylygy boýunça ozalky rekordyny täzeledi, şenbe güni oňa 117 ýaş we 261 gün doldy. Bu barada “World Journal” neşirine salgylanyp, iz.ru ýetirýär.

Ýaponiýa boýunça ozalky rekord Nabi Tadzime degişlidi, ol geçen ýyl 117 ýyl we 260 gün ýaşap ýogaldy.
Kane Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Fukoka şäherinde dogulýar. 103 ýaşynda onda ýogyn içege ragy ýüze çykarylýar, ýöne ol dowamly operasiýalardan soň bu keseli ýeňip geçmegi başarýar. Onuň pikiriçe, uzak ýaşamagyň syry jebis maşgalada, sagdyn ukuda we dogry berhizde gizlenýär.
Häzir Kane garrylar öýünde ýaşaýar. Ol 120 ýaşa çenli ýaşamak isleýändigini aýdýar.
Bu günki gün Ýaponiýanyň ýaşaýjylary uzak ömür sürmek boýunça dünýä reýtinginiň ýokarky setirlerini eýeleýärler. Soňky maglumatlar boýunça, Ýaponiýada 80 müň-den gowrak adamyň ýaşy 100-den geçýär, olaryň 88%-i hem zenanlar. 1963-nji ýylda uzak ýaşaýanlaryň sany Ýaponiýada 153-e deňdi, 1981-nji ýylda ol 1000-e, 1998-nji ýylda 10 müňe ýetdi.
Muňa garamazdan, Gerontologiki barlaglar toparynyň pikirine görä, tutuş taryhda hasaba alnan iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň sanawynda birinji orun fransuz zenany Žanna Kalmana degişli, ol 122 ýyl, 164 gün ýaşap, 1997-nji ýylda aradan çykdy. Ikinji ýerde ABŞ-nyň raýaty Sara Knauss (1880-1999), ol 119 ýyl, 97 gün ömür sürdi. Üçünji orun bolsa, ýokarda agzalyp geçilen Kane Tanaka degişli.
Täsin ýeri, bu reýtingiň birinji onlugynda erkek göbeklilerden ýekesiniň hem ýoklugydyr.
Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy — Ýaponiýanyň Kioto prefekturasynyň 116 ýaşly ýaşaýjysy Dziroemon Kimura 2013-nji ýylda aradan çykdy. Ýaponiýanyň iň garry erkek göbekli ýaşaýjysy uzak ýaşynyň syryny fiziki işjeňlik hem-de yzygiderli kadaly iýmitlenmek bilen düşündirýärdi: «Tagam näçe datly hem bolsa, çenini bilip iýmeli» - diýip, ol bellärdi.

31.01.2026 22:40
4.4k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir...

31.01.2026 19:26
13k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...

31.01.2026 13:38
3.8k+

Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar

Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär...

30.01.2026 09:44
9.2k+

Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...

Duýdansyz gelen «Kristin» harasaty Portugaliýada suw joşgunlaryna, weýrançylyklara we elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine sebäp boldy. BBC gullugynyň habar bermegine görä, tupanda azyndan bäş adam heläk boldy...