Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

  • 08.07.2025 10:25
  • 5.4k+

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine uly göwrümli maýalaryň goýulýandygyna we zyňyndylary azaltmak boýunça halkara borçnamalaryna garamazdan, onuň artmak depgini saklanyp galýar.
Resminama energetikadan, senagatdan, ulaglardan çykýan zyňyndylary, şeýle hem howa üçin iň howply parnik gazlaryndan biri bolan metanyň syzmagy bilen baglanyşykly zyňyndylary göz öňünde tutýar. Ýerden peýdalanmagyň, şol sanda tokaýlary çapmagyň netijesinde çykýan zyňyndylar muňa girmeýär.
2021-nji ýyldan bäri CO₂ zyňyndylary her ýyl artýar. 2023-nji ýylda olar 500 million tonna köpelip, 40,3 milliard tonna boldy. Orta hasap bilen, soňky on ýylyň dowamynda ösüş ýylda 1% töweregi boldy.
Zyňyndylaryň esasy çeşmesi Hytaý (12,5 milliard tonna), ABŞ (1990-njy ýyldaky derejesinden peseldi) we Hindistan (3,3 milliard tonna). Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky onýyllyklarda zyňyndylaryny ep-esli derejede azaltdy, Hytaý we Hindistan bolsa ykdysady ösüşiň we kömre garaşlylygyň çäkleirnde depgin durnukly artýandygyny görkezdi.
Afrikada zyňyndylar on ýylda 25%, Ýakyn Gündogarda 15%, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 9%-den gowrak ýokarlandy. Munuň tersine, ÝB-de bu görkeziji peselýär: 2024-nji ýylda zyňyndylar 3,7 milliard tonna boldy, bu on ýyl mundan ozalkydan 15% az.
Hasabatyň awtorlary, global zyňyndylaryň ösüşini çäklendirmek üçin energiýa geçiş depgininiň ýeterlik däldigini bellediler.


29.05.2026 23:56
6.4k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....