Islandiýada ilkinji gezek çybynlar peýda boldy

  • 24.10.2025 16:48
  • 8.7k+

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar ýüze çykaryldy. Häzire çenli ýurt dünýäde olardan azat bolan iki ýeriň biri hasaplanýardy – indi ýeke-täk şeýle ýer Antarktida bolup galdy.

Ilkinji çybynlar Reýkýawikden günorta-günbatarda Kýos buzluk jülgesinde göründi. Olary mör-möjekler bilen gyzyklanýan ýerli ýaşaýjy Býorn Hýaltason çakyr siňdirilen ýüpleriň kömegi bilen gijeki kebeleklere syn edýän wagty gördi. Ol tapyndy barada Facebook sahypasynda habar berdi we surat hödürledi. Soňra ol ýene ikisini tutdy – erkegini we urkaçysyny.

“Men öň şular ýaly zady görmändigime derrew düşündim” – diýip, ol Morgunblaðið neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol entek bu mör-möjekleriň Islandiýada ýaşap, gyşy geçirip biljekdigini anyklamalydygyny belledi.
Hýaltason üç mör-möjegiň ählisini Tebigy taryh institutyndan entomolog Mattias Alfredssona berdi. Ol munuň Culiseta annulata görnüşidigini – gyşy geçirmäge ukyply az sanly çybynlaryň biridigini tassyklady. Alym bu görnüşiň Ýewropada we Demirgazyk Afrikada ýaýrandygyny, ýöne onuň Islandiýa nädip düşendiginiň entek belli däldigini aýtdy.
Islandiýada çybynlar sowuk howa we ýata suwuň ýokdugy sebäpli bolmaýardy. Ýöne World Population Review-iň maglumatlaryna görä, şu ýyl temperatura ençeme gezek rekordy täzeledi: maýda howa yzygider on gün 20 gradusdan ýokary boldy.
Alymlar maýlamaklygyň sowuga öwrenişen ekoulgamlara düýpli täsir edip biljekdigini duýdurýar. BMG-niň Klimat komissiýasynyň maglumatlaryna görä, adamyň işjeňligi atmosferanyň, ummanlaryň we gury ýerleriň temperaturasynyň global derejede ýokarlanmagynyň “gürrüňsiz” sebäbi boldy.


04.06.2026 17:40
8.5k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......