Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar

  • 16.10.2025 10:42
  • 7.4k+

2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýer peýda bolup biler diýip, Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary N+1 neşirine beren maglumatynda aýdýarlar.

Barlagçylaryň bellemegine görä, bu giň göwrümli üýtgeşmeler dünýäde dowam edýän global maýlama hadysasy we howanyň üýtgemegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertler ýurduň günorta sebitlerinde jemlenendir. Şeýle-de bolsa, geljekde bu ýagdaý üýtgär diýip çaklanylýar. Hususan-da, Szýannan, Szýanbeý we Ýunnan sebitlerinde çaý ösdürip ýetişdirmäge amatly ýerleriň möçberi 17–23% artyp biler. Şeýlelikde, çaý plantasiýalary kem-kemden demirgazyk tarapa süýşer.
Alymlar bu ýagdaýyň çaý öndürijiler üçin peýdaly boljakdygyny belleýärler. Ýöne olaryň bellemegine görä, bu ösüşe degişli ýerleriň köpüsi häzirki wagtda tokaý bilen örtülendir. Şonuň üçin alymlar ekoulgamlara zyýan ýetirmezlik üçin, diňe degradasiýa ýol beren tokaýlaryň ýerlerini ulanmagy we ýörite tokaý hem-de suw gorag zolaklaryny döretmegi teklip edýärler.
Barlaglaryň netijeleri Plos One žurnalynda çap edildi.


şu gün 07:40
4.4k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......