Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy Ýaponiýada uzak ýaşamak boýunça rekordy täzeledi

  • 20.09.2020 16:28
  • 35k+

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy Kane Tanaka Ýaponiýada ömür dowamlylygy boýunça ozalky rekordyny täzeledi, şenbe güni oňa 117 ýaş we 261 gün doldy. Bu barada “World Journal” neşirine salgylanyp, iz.ru ýetirýär.

Ýaponiýa boýunça ozalky rekord Nabi Tadzime degişlidi, ol geçen ýyl 117 ýyl we 260 gün ýaşap ýogaldy.
Kane Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Fukoka şäherinde dogulýar. 103 ýaşynda onda ýogyn içege ragy ýüze çykarylýar, ýöne ol dowamly operasiýalardan soň bu keseli ýeňip geçmegi başarýar. Onuň pikiriçe, uzak ýaşamagyň syry jebis maşgalada, sagdyn ukuda we dogry berhizde gizlenýär.
Häzir Kane garrylar öýünde ýaşaýar. Ol 120 ýaşa çenli ýaşamak isleýändigini aýdýar.
Bu günki gün Ýaponiýanyň ýaşaýjylary uzak ömür sürmek boýunça dünýä reýtinginiň ýokarky setirlerini eýeleýärler. Soňky maglumatlar boýunça, Ýaponiýada 80 müň-den gowrak adamyň ýaşy 100-den geçýär, olaryň 88%-i hem zenanlar. 1963-nji ýylda uzak ýaşaýanlaryň sany Ýaponiýada 153-e deňdi, 1981-nji ýylda ol 1000-e, 1998-nji ýylda 10 müňe ýetdi.
Muňa garamazdan, Gerontologiki barlaglar toparynyň pikirine görä, tutuş taryhda hasaba alnan iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň sanawynda birinji orun fransuz zenany Žanna Kalmana degişli, ol 122 ýyl, 164 gün ýaşap, 1997-nji ýylda aradan çykdy. Ikinji ýerde ABŞ-nyň raýaty Sara Knauss (1880-1999), ol 119 ýyl, 97 gün ömür sürdi. Üçünji orun bolsa, ýokarda agzalyp geçilen Kane Tanaka degişli.
Täsin ýeri, bu reýtingiň birinji onlugynda erkek göbeklilerden ýekesiniň hem ýoklugydyr.
Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy — Ýaponiýanyň Kioto prefekturasynyň 116 ýaşly ýaşaýjysy Dziroemon Kimura 2013-nji ýylda aradan çykdy. Ýaponiýanyň iň garry erkek göbekli ýaşaýjysy uzak ýaşynyň syryny fiziki işjeňlik hem-de yzygiderli kadaly iýmitlenmek bilen düşündirýärdi: «Tagam näçe datly hem bolsa, çenini bilip iýmeli» - diýip, ol bellärdi.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......