ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi

  • 10.07.2025 11:35
  • 6.1k+

Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi.

Surat Sentinel-3 emeli hemrasy tarapyndan bäş orbital uçuşyň dowamynda ýygnalan maglumatlaryň esasynda taýýarlanyldy. Bu emeli hemra daşky gurşawa gözegçilik edýän «Copernicus» maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar. Ol Günorta Ýewropa bilen Demirgazyk Afrikanyň çäginde yssynyň gitdigiçe ýaýraýandygyny ýüze çykardy.
Iň köp täsirlenen ýurtlaryň hatarynda Ispaniýa, Fransiýa, Italiýa, Gresiýa, Kipr we Alžir bar. Bu sebitlerde temperaturanyň adaty görkezijilerden ýokarydygy sebäpli, adamlara açyk howada bolmagyň howplary, şeýle-de tokaý ýangynlarynyň döremek howpunyň ýokarydygy barada duýduryşlar berildi.
Suratlar howanyň däl-de, Ýeriň ýüzünden çykýan ýylylygy ölçemek üçin niýetlenen radiometr arkaly alyndy. Bu maglumatlar ylmy we amaly maksatlar üçin ulanylýar, şol sanda howany öňünden çaklamak, ýangyn howpuny bahalandyrmak we oba hojalygy üçin maslahatlary taýýarlamak ýaly ugurlarda peýdalanylýar.
Ortaýer deňziniň suw giňişliginiň suraty aýratyn gyzyklanma döredýär, sebäbi onuň ýüzünde ýyly we sowuk suw akymlary aýdyň görünýär. Maglumatlara görä, iň gyzan ýer Tirren deňzi, iň salkyny bolsa Egeý deňzi bolup durýar.
Bu adatdan daşary yssynyň sebäbi, Günbatar Ýewropada emele gelen ýokary basyşly howa ulgamy bilen düşündirilýär. «Ýylylyk gümmezi» (iňl. heat dome) diýlip atlandyrylýan bu atmosfera toplumy yssy we gurak howany saklap, temperaturanyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Onuň ýuwaş-ýuwaşdan gündogara tarap süýşmegi Demirgazyk Afrikadan gelýän ýyly howa bilen utgaşýar.


29.05.2026 23:56
6.4k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....