Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

  • 08.07.2025 20:12
  • 7.7k+

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär.

Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy. Wulkanologlar güýçli ygal bolan ýagdaýynda wulkanyň etegindäki ilat nokatlarynyň üstüni basyp biljek palçyk akymlary barada duýdurdy.
Wulkanyň işjeňligi sebäpli Jetstar, Virgin Australia we AirAsia Indonesia ýaly birnäçe awiakompaniýalaryň gatnawlary ýatyryldy.
Bu Lewotobi Laki Lakiniň 2025-nji ýylda ilkinji atylyşy däl. Iýun aýynda kül sütüni 11 km ýetdi, bulutlar 150 km uzaklykdan görünýärdi we Taliburo obasyny örtdi. Şonda häkimiýetler howplulygyň iň ýokary derejesini yglan edip, syýahatçylary wulkana golaýlaşmazlyga çagyrdy. Şeýle ýagdaý maý aýynda hem boldy. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda dowamly atylmalar dokuz adamyň ölümine getirdi, ýene onlarça adam şikes aldy, müňlerçesi ewakuasiýa edildi, awiagatnawlar bolsa wagtlaýyn togtadyldy.
Indoneziýa Ýuwaş umman otly halkasynda – wulkan we seýsmiki işjeňligiň ýokary bolan ýerinde ýaşaýar. Bu ýerde 120-den gowrak işjeň wulkan bolup, ýurt yzygiderli atylmalar we ýertitremeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


06.01.2026 23:08
11k+

Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar...

07.10.2025 14:59
10k+

Indoneziýada uly meteorit gaçdy

Duşenbe gününe geçilen gije Indoneziýanyň Çirebon şäheriniň ýaşaýjylary ýiti ýagtylygyň we güýçli sesiň şaýady boldy. Asmandan uly meteor uçup geçip, Ýawa deňzine gaçdy diýip, Milli gözleg we innowasiýa agentliginden (BRIN) astronomiýa professory Tomas Jamaluddin habar berdi...

18.06.2025 13:57
7.6k+

Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi

Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi. Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy...

18.04.2024 17:57
13k+

Indoneziýanyň adalarynyň birinde Ruang wulkany atyldy

17-nji aprelde Indoneziýada Demirgazyk Sulawesi welaýatynyň Tagulandang adasynda ýerleşýän Ruang wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi diýip, ýerli metbugata salgylanýan The New York Times ýazýar. Ýerli wagt bilen...