Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

  • 14.04.2026 22:56
  • 2.2k+

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip, Antara agentligi gözegçilik nokadynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýar.

Habarda külüň kraterden 1 müň metr ýokary göterilendigi bellenilýär. Atylma günbatar we demirgazyk-günbatar ugurlaryna ýaýraýan ak hem-de çal reňkli dykyz kül zyňyndylary bilen utgaşdy. Ýerli häkimiýetler wulkanyň gyzgyn daşlary zyňmak töwekgelçiligi sebäpli, sebitiň ýaşaýjylaryna we syýahatçylara krateriň 5 km golaýyna barmagy gadagan etdiler.

Semeru – Indoneziýadaky iň belent dördünji wulkan (deňiz derejesinden 3 676 metr ýokarda) we Ýawa adasynyň iň belent nokadydyr. Indoneziýa arhipelagy «Ýuwaş umman otly halkasy» diýlip atlandyrylýan zolakda ýerleşýär. Şol sebäpli hem bu sebit güýçli seýsmiki işjeňlige sezewardyr.

Indoneziýada jemi 500-den gowrak wulkan bolup, olaryň 130-a golaýy hereket edýän wulkanlardyr.


20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....