Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi

  • şu gün 14:47
  • 1.5k+

Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär.

Meteogullugyň berýän maglumatyna görä, 24-nji fewraldan 26-njy fewrala çenli adada orta we güýçli derejeli yzygiderli ýagyşlara garaşylýar. Denpasar, Badung, Buleleng, Karangasem, Klungkung we Gianýar ýaly kenarýaka sebitlerde şemalyň tizliginiň sagatda 45 kilometrden geçmegi ähtimal. Adanyň günorta suwlarynda tolkunlaryň beýikligi şu gün 4 metre çenli ýeter, çarşenbe güni bolsa 3 metre çenli peseler.
Meşhur syýahatçylyk zolaklary bolan Nusa-Dua, Kuta, Tanah-Lot, Sanur, Ubud, Bedugul, Kintamani we Besakih ýaly ýerlerde 25-nji fewralda ýagyşly howa, gije bolsa ýyldyrym çakmagyna we gök gürlemegine garaşylýar.
Häkimiýetler ýerli ýaşaýjylara, syýahatçylara we deňiz gämileriniň operatorlaryna suw basan çäklerden uzakda bolmagy hem-de resmi howa maglumatlaryndan yzygider habarly bolup durmagy maslahat berýärler. Ýakyn günlerde-de güýçli ýagyşlaryň we şemalyň dowam etmek töwekgelçiliginiň saklanýandygy hem duýdurylýar. 


06.02.2026 15:41
16k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

06.01.2026 23:08
11k+

Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar...

07.10.2025 14:59
10k+

Indoneziýada uly meteorit gaçdy

Duşenbe gününe geçilen gije Indoneziýanyň Çirebon şäheriniň ýaşaýjylary ýiti ýagtylygyň we güýçli sesiň şaýady boldy. Asmandan uly meteor uçup geçip, Ýawa deňzine gaçdy diýip, Milli gözleg we innowasiýa agentliginden (BRIN) astronomiýa professory Tomas Jamaluddin habar berdi...

08.07.2025 20:12
7.7k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...