Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

  • 06.01.2026 23:08
  • 11k+

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar. Bu barada Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini gowşatmak boýunça milli agentlige salgylanyp, Reuters habar berýär.

Suwuň derejesi ýokarlanandan soň, häkimiýet 400-den gowrak adamy ýerli mekdeplere we ybadathanalara ewakuasiýa etdi. Ýitenleri gözlemek üçin meýletinçileriň hem gatnaşmagynda halas ediş işi ýola goýuldy.
Sebitiň gubernatory Ýulius Selwanus tebigy betbagtçylygyň ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlaryny we administratiw binalary weýran edendigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, zyýan çeken sebitlerde esasy ýollar daşlardan, zibilden we palçykdan doldy. Ýollary arassalamak üçin ýörite tehnika işe çekildi.
Indoneziýanyň Meteorologiýa agentliginiň çaklamalaryna görä, ýanwarda we fewralda Ýawa, Sulawesi, Maluku we Papua adalarynda suw joşgunynyň ýokary ähtimallygy saklanýar. Sumatrada we Borneoda ygalyň iň ýokary derejesi geçen ýylyň ahyrynda hasaba alyndy. Hususan-da, noýabrda Sumatradaky siklonyň pidasy müňden gowrak adam boldy, ýene ýüzlerçesi häzirem dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar.


şu gün 07:41
5.9k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.7k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....