Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

  • 06.02.2026 15:41
  • 17k+

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ýylanyň kellesinden guýrugynyň ujuna çenli uzynlygy 7,22 metre, agramy bolsa uly pandanyň agramy bilen deňeşdirerlik derejede — 96,5 kilograma ýetýär.
Hünärmenler ýylany uky dermanlaryny ulanmazdan ölçedi. Alymlaryň bellemegine görä, Baronessa dartgynly ýagdaýdady, ýöne asuda ýagdaýynda ol hatda 7,9 metre çenli uzalyp biler. Diýmek, Baronessa rekordy uly tapawut bilen goýdy.
Äpet ýylan 2025-nji ýylyň ahyrynda tapyldy. Häzirki wagtda ol indoneziýaly tebigaty goragçy Budi Purwantonyň gözegçiliginde saklanýar. Pitonyň ýagdaýyna we howpsuzlygyna hut bu hünärmen gözegçilik edýär.

Ýabany torjumak pitonlaryň arasyndaky mundan ozalky rekord 6,95 metre deňdi. Şol urkaçy ýylan 1999-njy ýylda Borneo adasynda tapyldy. Täsin ýeri, bu ýylan diňe trekerli Malaý aýysyny ýuwdandygy sebäpli tapylypdy.
Torjumak pitonlar zäherli däldir. Olar, adatça, ownuk haýwanlar bilen iýmitlenseler-de, olaryň iri wekilleri itlerden başlap, geçilere we maýmynlara çenli has uly awlary hem ýuwdup bilýär.


09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......