Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär

  • 05.07.2025 18:06
  • 3.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady. Degişli teklibi mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow hödürledi.

Taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......