Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

  • 05.07.2025 04:45
  • 2.2k+

4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
M.Bäşimowa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli rezolýusiýalary goldandygy üçin polşa tarapyna minnetdarlygyny bildirip, işjeň hökümetara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen tarapynyň ygrarlylygyny tassyklady.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýulmagy, iki ýurduň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Polşada guralýan sergilere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar medeniýet, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....