Adamlaryň ömür dowamlylygy 2100-nji ýyla çenli 125-130 ýaşa ýeter

  • 07.07.2021 02:52
  • 11k+

Waşington uniwersitetiniň alymlary 2100-nji ýyla çenli adamlaryň ömür dowamlylygy 125-130 ýaşa çenli ýetip biler diýip çaklaýarlar. «Demographic Research» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar soňky onýyllykda Ýer ýüzünde uzak ýaşlylaryň sanynyň görnetin köpelendigini belleýärler. Alymlaryň gelen netijelerini mir24.tv saýty paýlaşýar.

Häzir dünýäde ýaşy 100-e ýetip barýan adamlaryň sany ýarym milliona ýetýär. Ýaşy 110-a ýetenler bolsa ondan has az. Edil häzir ýaponiýaly 118 ýaşly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy hasaplanýar. Adamzadyň taryhynda iň köp ýaşan adam hökmünde bolsa 122 ýaşynda aradan çykan fransuz zenany Žanna Kalman hasaba alyndy. 

«Bu işiň kömegi bilen biz şu ýüzýyllykda adamlaryň adatdan daşary ýaşynyň näçä ýetip biljekdigini kesgitlemäge mümkinçilik alýarys» diýip, makalanyň esasy awtory Maýkl Pirs belleýär.

Alymlar adam ömrüniň dowamlylygynyň iň ahyrky möhletini öwrenmek üçin statistiki modelirlemäni peýdalandylar. Ýeri gelende bellesek, häzirki zaman alymlary garramak hadysasy barada iki sany teoriýany kesgitlediler. Birinjisine görä, adamyň bedeninde garramak depgini we öýjükleriň işiniň bes edilmegi bilen bagly çäkli ýaş bar. Ikinji teoriýa görä bolsa, adamyň ömrüniň dowamlylygynda çäk ýok. Kesgitlenen şertlerde biz isleýşimiz ýaly uzak wagtlap ýaşap bileris.
Täze ylmy işiň awtorlary dünýäniň islendik künjeginde 2100-nji ýyla çenli aýratyn adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň näçe ýaşa ýetip biljekdigini kesgitlediler. Olar Ýewropa ýurtlarynyň 10-synyň, şeýle-de Kanadanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň uzak ýaşlylary baradaky maglumatlary öwrendiler. Statistiki seljermeler 13 ýurduň hersinde 2020-nji ýyldan 2100-nji ýyla çenli döwürde hasaba alynjak ýaşyň iň aňrybaş çägini hasaplamaga mümkinçilik berdi.
Barlaglaryň netijeleriniň görkezişi ýaly, şu möhlete çenli uzak ýaşlylygyň dünýä rekordynyň (122 ýaş 164 gün) 100 göterim täzelenmek mümkinçiligi bar. Oňa laýyklykda, adamyň 124 ýaşap bilmek mümkinçiligi 99 göterim, 127 ýaş 68 göterim, 130 ýaş bolsa 13 göterim boldy. Ýöne kimdir biriniň 135 ýaşap biljekdigi asla mümkin däl diýen ýaly.

şu gün 10:53
1.2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
3.2k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
4.3k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......