Adamlaryň ömür dowamlylygy 2100-nji ýyla çenli 125-130 ýaşa ýeter

  • 07.07.2021 02:52
  • 11k+

Waşington uniwersitetiniň alymlary 2100-nji ýyla çenli adamlaryň ömür dowamlylygy 125-130 ýaşa çenli ýetip biler diýip çaklaýarlar. «Demographic Research» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar soňky onýyllykda Ýer ýüzünde uzak ýaşlylaryň sanynyň görnetin köpelendigini belleýärler. Alymlaryň gelen netijelerini mir24.tv saýty paýlaşýar.

Häzir dünýäde ýaşy 100-e ýetip barýan adamlaryň sany ýarym milliona ýetýär. Ýaşy 110-a ýetenler bolsa ondan has az. Edil häzir ýaponiýaly 118 ýaşly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy hasaplanýar. Adamzadyň taryhynda iň köp ýaşan adam hökmünde bolsa 122 ýaşynda aradan çykan fransuz zenany Žanna Kalman hasaba alyndy. 

«Bu işiň kömegi bilen biz şu ýüzýyllykda adamlaryň adatdan daşary ýaşynyň näçä ýetip biljekdigini kesgitlemäge mümkinçilik alýarys» diýip, makalanyň esasy awtory Maýkl Pirs belleýär.

Alymlar adam ömrüniň dowamlylygynyň iň ahyrky möhletini öwrenmek üçin statistiki modelirlemäni peýdalandylar. Ýeri gelende bellesek, häzirki zaman alymlary garramak hadysasy barada iki sany teoriýany kesgitlediler. Birinjisine görä, adamyň bedeninde garramak depgini we öýjükleriň işiniň bes edilmegi bilen bagly çäkli ýaş bar. Ikinji teoriýa görä bolsa, adamyň ömrüniň dowamlylygynda çäk ýok. Kesgitlenen şertlerde biz isleýşimiz ýaly uzak wagtlap ýaşap bileris.
Täze ylmy işiň awtorlary dünýäniň islendik künjeginde 2100-nji ýyla çenli aýratyn adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň näçe ýaşa ýetip biljekdigini kesgitlediler. Olar Ýewropa ýurtlarynyň 10-synyň, şeýle-de Kanadanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň uzak ýaşlylary baradaky maglumatlary öwrendiler. Statistiki seljermeler 13 ýurduň hersinde 2020-nji ýyldan 2100-nji ýyla çenli döwürde hasaba alynjak ýaşyň iň aňrybaş çägini hasaplamaga mümkinçilik berdi.
Barlaglaryň netijeleriniň görkezişi ýaly, şu möhlete çenli uzak ýaşlylygyň dünýä rekordynyň (122 ýaş 164 gün) 100 göterim täzelenmek mümkinçiligi bar. Oňa laýyklykda, adamyň 124 ýaşap bilmek mümkinçiligi 99 göterim, 127 ýaş 68 göterim, 130 ýaş bolsa 13 göterim boldy. Ýöne kimdir biriniň 135 ýaşap biljekdigi asla mümkin däl diýen ýaly.

05.04.2026 22:27
2.3k+

ABŞ Aýdaky bazasynyň ilkinji böleklerini eýýäm 2027-nji ýylda maliýeleşdirer

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýda guruljak geljekki bazanyň ilkinji elementlerini eýýäm 2027-nji maliýe ýylynda maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär. Degişli serişdeler býujet taslamasynda göz öňünde tutulyp, olar......

04.04.2026 09:23
3.6k+

Ýarymaý şekilli Ýer: NASA «Orion» gämisinden düşürilen suraty görkezdi

NASA «Artemis II» Aý missiýasynyň çäklerinde «Orion» kosmos gämisiniň bortundan alnan suraty hödürledi. Surata birbada seredeniňde Aý diýdirjek ýarymaý görnüşindäki Ýer şary şekillendirilipdir. Bu 1972-nji......

03.04.2026 09:34
1.9k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

02.04.2026 21:00
3k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......