Hytaý roboty durmazdan 100 km-den gowrak ýol geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 24.11.2025 12:03
  • 4.4k+

Hytaýyň AgiBot (Zhiyuan Robotics) kompaniýasynyň adam şekilli roboty Suçžou bilen Şanhaýyň arasynda durmazdan 106 km ýol geçdi. Bu üstünlik “gumanoid robotynyň iň uzak pyýada syýahaty” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

AgiBot A2 iki GPS moduly, lidar we infragyzyl çuňluk datçikleri bilen enjamlaşdyrylan bolup, bu oňa gündiz we gije arkaýyn hereket etmäge mümkinçilik berýär. Robot 10-njy noýabrda gije Suçžoudan ýola düşdi we 13-nji noýabrda irden Şanhaýa geldi. Ol çalt çalşylýan akkumulýator ulgamynyň kömegi bilen durmazdan hereket edip bildi.
Synag dürli şertlerde geçirildi: asfaltda, plitkada, köprülerde, ýapgytlarda we gijelerine ýagtylygyň çäkli bolan ýerlerinde. Bellenilişi ýaly, robot syýahatynyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etdi.
Ýoluny tamamlandan soň, robot gowy ýagdaýdady. Şanhaýda ol hatda žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, syýahaty “ýatdan çykmajak tejribe” diýip atlandyrdy we oňa “täze aýakgap” gerek boljakdygyny aýdyp degişdi.
AgiBot-yň uly wise-prezidenti Wan Çuan ýoly geçmek maksadynyň gumanoid robot tehnologiýasynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny görkezmekden ybaratdygyny belledi. “Köp adamlar üçin bir gezekde Suçžoudan Şanhaýa çenli ýol geçmek kyn, ýöne robot muny başardy” – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.


31.05.2026 22:44
4.4k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

28.05.2026 17:08
5.9k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....