Секрет долголетия японцев кроется в системе питания

  • 27.04.2021 14:50
  • 36k+

Hytaýyň WeChat sosial ulgamynyň ulanyjysy ýaponlaryň uzak ýaşamagynyň birnäçe syrlaryny aýan etdi. Esasy şert iýmitlenmek ulgamy boldy diýip, lenta.ru habar berýär.

Materialyň awtorynyň aýtmagyna görä, ýaponlaryň arasynda sport bilen meşgullanmak kän meşhurlyga eýe däl. Şeýle-de bolsa, olar dürli görnüşli iýmitleriň kömegi bilen uzak ýaşamagyň ýokary derejesini saklamagy başarýarlar. Olaryň her bir iýmitinde diýen ýaly et, ir-iýmişler we gök önümler bar. Uzak ýaşamagyň ikinji sebäbi, ýaponlaryň aşa köp iýmezligine mümkinçilik berýän iýmitiň haýal çeýnelmegi boldy.
Uzak ömrüň üçünji syry iýmiti taýýarlamagyň usulynda. Ýagny, ýaponlar iýmiti gaýnadyp ýa-da bugda bişirip iýmegi makul hasaplaýarlar, olar iýmiti seýrek ýagdaýda gowurýarlar. Soňky syr gyzyl ete garanda, saglyk üçin has peýdaly bolan balygyň we deňiz önümleriniň iýilmegi boldy. Gyzyl etde ýagly kislotalar köp bolýar, bu bolsa damarlaryň dykylmagyna we hroniki keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Materialda Ýaponiýada aýallaryň ortaça ömür dowamlylygynyň 87,1 ýaş, erkekleriň ömür dowamlylygynyň 81,1 ýaşdygy bellenilýär. Umuman, ortaça ömür dowamlylygy boýunça Ýaponiýa birinji orny eýeleýär – 84,2 ýaş. Hytaýda ortaça ömür dowamlylygy 76,4 ýaşa barabar.
Materialyň ahyrynda awtor ýaponlar ýaly uzak ýaşamak isleseňiz, ýaponlar ýaly iýmitlenmeli diýen netijä gelýär.

09.06.2026 23:14
6.3k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.1k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.7k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

05.06.2026 15:54
4.1k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....