Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

  • 10.07.2025 11:09
  • 8.6k+

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Aýratynam, oglanlarda we bäş ýaşdan kiçi çagalarda uly tapawut hasaba alyndy. Bu toparlarda akganlylyk keseliniň ýüze çykmak töwekgelçiligi 37-41%-e ýetdi, käbir ýagdaýlarda bolsa 57%-e çenli ýokarlandy.
Barlag 1982-nji ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda Şwesiýada doglan 2,4 milliondan gowrak çaganyň saglygy baradaky maglumatlaryň seljermesine esaslanýar. Olardan 2 million töweregi tebigy usul bilen dünýä indi, galanlary bolsa kesar kesimi arkaly alyndy. Ençeme ýyl gözegçiligiň dowamynda tas 1,5 müň çagada akganlylyk keseli ýüze çykaryldy. Alymlar onkologiýanyň ýüze çykmagyna täsir edýän beýleki faktorlary hem göz öňünde tutup, iki toparyň çagalarynda kesel ýygylygyny deňeşdirdi.
Ylmy gözlegçileriň çak edişi ýaly, töwekgelçiligiň ýokarlanmagy kesar kesiminde enäniň mikroflorasy bilen aragatnaşygyň bolmazlygy bilen bagly bolup biler. Bu, ähtimal, täze doglan çaganyň immun ulgamynyň emele gelmegini bozýan bolsa gerek. Eger kesar kesimi gyssagly ýagdaýda, mysal üçin, burgy ýa-da dogum eýýäm başlansoň geçirilýän bolsa, onda töwekgelçilik birneme pes bolýar.

“Kesar kesimi eneleriň janyny halas etmek üçin möhüm gural we biz lukmanlar tarapyndan bu prosedura teklip edilen aýallaryň ondan saklanmagyny islemeýäris. Şeýle-de bolsa, biziň gözegçiliklerimiziň netijeleri lukmançylyk görkezmesi bolmadyk ýagdaýynda kesar kesimini ulanmagyň getirýän netijeleri barada pikirlenmelidigini aýdýar” – diýip, KI-niň ylmy işgäri Kristina-Ýewmorfiýa Kampisi MedicalXpress neşirine aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu usul bilen doglan çagalaryň demgysma, allergiýa we birinji görnüşli süýji keseline duçar bolmagy baradaky ozalky maglumatlar hem proseduranyň maksadalaýyklygy barada pikirlenmäge esas berýär.

“Çaganyň dogulmagy anatomiki aýratynlyklary sebäpli köp zenanlar üçin howply prosedura. Şu sebäpli lukmanlar onlarça ýyl bäri geljekki enäniň we onuň çagasynyň saglygyny we ömrüni goramak üçin kesar kesimini ulanýar. Ýöne soňky ýyllaryň gözegçilikleri garny kesip almagyň çagalaryň mikroflorasyna we olaryň immunitetine ýaramaz täsir edýändigini, munuň bolsa semreme töwekgelçiligini we iýmit siňdiriş ulgamynda nogsanlyklary ýokarlandyrýandygyny görkezdi” – diýip, TASS belleýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......