Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

  • 11.07.2025 19:08
  • 10k+

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar.

Öt haltasyny aýyrmak boýunça operasiýa wagtynda synag edilýän robot hirurg gatyşmazdan işiň esasy bölekleriniň birini ýerine ýetirdi. Lukmanlar tarapyndan dolandyrylýan adaty ulgamlardan tapawutlylykda, täze işläp taýýarlama emeli aňy hakyky wagtda çözgüt tapmak üçin ulanýar hem-de ol anatomiýanyň üýtgemegine we bolup biläýjek kynçylyklara uýgunlaşyp bilýär.
Taslamanyň ýolbaşçysy professor Aksel Kriger enjamyň, hatda kyn şertlerde-de adam eliniň işi bilen deňeşdirip boljak takyklygy we durnuklylygy görkezýändigini aýtdy.
Alymlaryň sözlerine görä, bu tehnologiýa geljekde şol bir amallary awtomatlaşdyryp, lukmanlaryň iş ýüküni azaldyp we ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini ýokarlandyryp biler. Şol bir wagtyň özünde, işläp düzüjiler ulgamyň synag döwründedigini we heniz giňden ulanylmaga taýyn däldigini nygtaýarlar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......