Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 19.01.2026 23:11
  • 7.3k+

Şu gün, 19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda häkimler we wise-premýer  ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri  barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, daýhanlar üçin jogapkärli möwsüm bolan häzirki döwürde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek we ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi we ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý öndürijileri bilen, şeýle hem Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, şeýle hem ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri geçirmek barada görkezme berdi.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....