Türkmenistan we UNEP Aşgabatda Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek meselesini maslahatlaşdy

  • 03.08.2025 23:29
  • 2.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň esasy mowzugy — Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek. Bu merkez Aşgabat şäherinde ýerleşer. Taraplar global ekologik kynçylyklar bilen göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny bellediler.
Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 28-nji maslahatynyň dowamynda goşulan Metan boýunça ählumumy borçnama boýunça degişli çäreleriň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikde metan zyňyndylaryny yzygiderli hasaba almak üçin MARS ulgamynyň üsti bilen täze maglumatlary bermek mehanizmini döretmäge gönükdirilen, Metan zyňyndylarynyň halkara gözegçilik merkezi bilen bilelikdäki taslamanyň başlandygy bellenildi.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda, Hazar ekologiýa başlangyjyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.
Gepleşikleriň ahyrynda Inger Andersen noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça sebitleýin maslahata gatnaşmak baradaky çakylyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......