Plastik gaplamalaryň 96%-i azyk önümlerini we içgileri mikroplastik bilen hapalaýar

  • 11.07.2025 10:56
  • 4.9k+

Iýmit senagatynda ulanylýan plastik gaplamalaryň tas hemmesi azyk önümlerine we içgilere mikroplastikleriň ýa-da nanoplastikleriň düşmegine sebäp bolýar. Şweýsariýaly we norwegiýaly gözlegçiler 103 ylmy işi seljerip, şu netijä geldiler diýip, «npj Science of Food» neşiri habar berýär.

Seljerilen işleriň ýedisi ýokary ygtybarly diýlip hasaplandy. Polietilen, polipropilen, PET, polistirol, poliamid we melamin ýaly polimerlerden taýýarlanan gaplamalarda saklanýan iýmitleriň we içgileriň 96%-inde plastik bölejikler ýüze çykaryldy.
Mikroplastigiň içgilere plastik gapaklaryň açylmagy we çaý haltalarynyň demlenmegi bilen geçýändigi, iýmitlere bolsa plastik kesiş tagtalarynda dogralanda düşýändigi aýdylýar. Plastik bölejikler nahar duzynda, konserwirlenen balykda, tüwüde, mineral suwda, piwoda, alkogolsyz içgilerde we eltip berilýän taýýar iýmitlerde-de ýüze çykaryldy.
Alymlar mikroplastigiň adam saglygyna ýetirýän täsiriniň howplydygyny, şol sanda içege mikrobiomynyň düzümini üýtgedip bilýändigini belläp geçýärler. Şeýle hem onuň oksidlenme stresini döredýändigi, çişmelere, nerw ulgamy bilen baglanyşykly zeperlere, immun we reproduktiw bozulmalara, şeýle hem endokrin ulgamyndaky näsazlyklara sebäp bolup bilýändigi aýdylýar.
Gözlegçiler mikroplastikden we nanoplastikden başga-da, iýmitleriň düzüminde has ownuk mezoplastikleriň bardygyny aýdýarlar.
Ozal mikroplastigiň adam bedenine esasan daşky gurşaw arkaly düşýändigi pikir edilýärdi. Emma täze maglumatlar şeýle hapalanmalaryň esasy çeşmeleriniň biriniň azyk senagatydygyny görkezdi.
Ýatlatsak, mikroplastik ilkinji gezek 2022-nji ýylda adam ganynda ýüze çykaryldy. Şondan soň ol Antarktidada täze ýagan gardatoprakda, oba-hojalyk mallarynyň süýdünde we etinde, ösümlikleriň ýapraklarynda, hatda Antarktidada ýaşaýan guşlaryň organizminde hem ýüze çykaryldy. Ýakyn wagtda bolsa, bir burewestnigiň (deňiz guşy) jüýjesiniň daşlygyndan 778 sany plastik bölejik ýüze çykaryldy.


düýn 11:24
5.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......