Adamyň ganynda ilkinji gezek mikroplastika tapyldy

  • 29.03.2022 20:29
  • 21k+

Amsterdamyň Erkin uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek adam ganynyň mikroplastika bilen hapalanmasyny ýüze çykardylar. Bu açyş bölejikleriň tutuş beden boýunça hereket edip, organlarda ornaşyp biljekdigini görkezýär diýip, Day.Az belleýär.

Derňew geçirijiler 22 sany näbelli donoryň gan nusgalaryny seljerdiler we olaryň 17-sinde ululygy 0,0007 mm çenli bolan plastik bölejiklerini tapdylar. Nusgalaryň ýarysynyň düzüminde adatça içgiler üçin çüýşelerde ulanylýan PET-plastigi, olaryň üçden birinde bolsa önümleri gaplamakda ulanylýan polistirol tapyldy. Gan nusgalarynyň dörtden biri plastik paketleri taýýarlamakda ulanylýan polietileni saklaýardy. Käbirinde bolsa plastigiň iki ýa-da üç görnüşi bar. 

“Biziň gözleglerimiz ganymyzda polimer bölejikleriniň bardygyna ilkinji subutnamadyr – bu öňegidişlik netijesi. Şeýle-de bolsa, biz derňewimiziň çägini giňeltmeli we nusgalaryň ölçegini, baha berilýän polimerleriň sanyny artdyrmaly” – diýip, ekotoksikolog Dik Wetkah aýtdy. Goşmaça gözlegler eýýäm dowam etdirilýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......