Gorkunç rekord: deňiz guşunyň jüýjesiniň da:şlygyndan 778 bölek plastik tapyldy

  • 27.05.2025 13:34
  • 14k+

Awstraliýaly barlagçylar ölen inçeçüňk deňiz guşunyň (Ardenna tenuirostris) jüýjesiniň daşlygyndan rekord mukdarda - 778 bölek plastik galyndylaryny tapdylar. Howsala döredýän açyş barada Awstraliýanyň gündogar kenaryndaky Lord-Hau adasynda deňiz guşlaryna gözegçilik edýän alymlar habar berdi.

Daily Mail-iň habar bermegine görä, bu 80 günlük jüýjäniň maslygyndan şonça galyndy tapylypdyr.
Barlagçylar tötänden tutulan başga bir guşy gözden geçirenlerinde, onuň agramynyň bäşden bir böleginiň plastmassadan ybaratdygyny anykladylar. Şol sebäpli deňiz guşunyň sözüň doly manysynda “şagyrdap, gütürdäp” durandygy bellendi.
Deňiz guşlarynyň jüýjesi ýumurtgadan çykandan soň, 90 gün töweregi hinde ýerleşen höwürtgelerinde galýarlar. Bu wagtyň dowamynda olara ene-atalary iýmit getirip berýär.
Barlagçylar uly guşlaryň öz jüýjelerine diňe bir iýmit däl, eýsem dürli plastik galyndylary, mysal üçin, howa şarynyň, LEGO konstruktorynyň böleklerini, çüýşe gapaklaryny we beýleki zatlary hem getirýändigini bellediler.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......