Alymlar Sahara çölüniň häzirkisinden 75%-e çenli “ygally” bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar

  • 23.10.2025 09:57
  • 7.3k+

XXI asyryň ikinji ýarymynda Sahara çölünde ýagşyň mukdary häzirki döwrüň görkezijileri bilen deňeşdirilende takmynan 75% ýokarlanyp biler diýip, ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetiniň klimatologlary çaklaýarlar. Barlaglaryň netijeleri npj Climate and Atmospheric Science žurnalynda çap edildi.

Adatça, Saharada ýagyn örän seýrek bolýar — ýylyň dowamynda ortaça bäş gezek ýagýar, käbir ýerlerde bolsa ýyllap bir damja-da ýagyş düşmeýär. Ýagyş ýaganda hem ol köplenç gysga wagtlaýyn, ýöne güýçli bolýar.
Häzirki wagtda çyglylyk çöle çygly ýerlerden öwüsýän şemallar arkaly ýetýär, ýöne ýyly howanyň aşakdan ýokary galmagy sebäpli ýagyn bulutlary emele gelmeýär. Emma global maýlamaklygyň güýçlenmegi bu ýagdaýy üýtgedip biler: temperatura tapawudy we güýçlenen şemallar netijesinde ygalyň ähtimallygy ýokarlanar.
Alymlar parnik gazlarynyň dürli derejelerini göz öňünde tutup, howanyň 40 dürli ýagdaýyny modelirlediler. Ähli ýagdaýda netijeler meňzeş boldy — Afrikanyň çyglylygy artar, Saharada bolsa 1965–2014 ýyllar aralygy bilen deňeşdirilende ýagşyň mukdary dörtden üç esse köp bolar.
Şol bir wagtyň özünde, alymlar bu ýagdaýyň negatiw täsirleriniň hem boljakdygyny belleýärler. Gysga wagtlaýyn “ýaşyllaşma” duýdansyz ýagyşlary, suw joşmalaryny we toprak eroziýasyny güýçlendirip biler. Mundan başga-da, çölden Atlantik ummanyna barýan tozanyň azalmagy tropiki tupanlaryň döremegine, şeýle hem umman suwlarynyň gyzmagyna täsir edip biler.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 09:51
2.9k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......