Antarktidanyň uzak ýerlerinden alnan gar nusgalarynda ilkinji gezek mikroplastik tapyldy

  • 13.02.2025 23:38
  • 6.7k+

Britan Antarktika gullugynyň (BAS) ylmy gözlegçileri Antarktidanyň uzak ýerlerindäki garda ilkinji gezek mikroplastik tapdy. Union we Schanz buzluklaryndan alnan nusgalaryň seljermesi garyň eremegine we ýerli ekoulgama täsir edip biljek hapalaýjy bölejikleriň ýokary konsentrasiýasyny görkezdi diýip, Daily Mail habar berýär.

Ylmy gözleg bir litr garda 73-den 3099-a çenli plastik mikrobölejikleriniň saklanýandygyny görkezdi.
Bu bölejikleriň köpüsi 50 mikrometrden kiçi ululyga eýedi, bu bolsa adam öýjükleriniň ululygy bilen deňleşýär. Muňa garamazdan, gözlegçi Emili Roulendsiň aýtmagyna görä, bu nusgalardaky mikroplastik konsentrasiýasy öňki ylmy gözleglere garanda 100 esse ýokary bolup çykdy.
BAS-yň hünärmeni Klara Manno hapalanmagyň çeşmesiniň meýdan lagerlerindäki materiallaryň: egin-eşikleriň, ýüpleriň, signal baýdaklarynyň bolup biljekdigini çaklaýar.
Alymlar poliamid, polietilentereftalat, polietilen we sintetik kauçuk ýaly birnäçe plastik görnüşini ýüze çykardy.
Şeýle-de, ylmy gözlegçiler mikroplastigiň garyň eremegini tizleşdirip biljekdigini, onuň bölejikleriniň bolsa eýýäm ýerli jandarlaryň – pingwinleriň, düwlenleriň we balyklaryň organizminde tapylandygyny belleýär.


22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

24.03.2026 07:08
4.1k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

16.03.2026 16:46
8.3k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

18.02.2026 09:22
4.5k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...