Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

  • 03.07.2025 18:32
  • 3.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 25-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Çäräniň çäginde ummanlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini çaklamak we deňiz gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tematiki ylmy sapaklar we ýörite duşuşyklar hem geçirilýär.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, Türkmenistanyň ÝUNESKO-yň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Maksat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Şertnama-hukuk departamentiniň işgäri Kemal Garaýew gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň işine işjeň gatnaşmak arkaly öz ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmegi, halkara ylmy dialogy çuňlaşdyrmagy we okeanlary hem-de deňizleri goramak bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmagy maksat edinýändigi bellenildi.
Türkmenistan deňiz ekoulgamyny goramak, ylmy barlaglary ösdürmek we okeanografiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça halkara başlangyçlaryna yzygiderli ygrarlylygyny görkezýär. Şeýle hem, sebit üçin Hazar deňziniň aýratyn ähmiýeti göz öňünde tutulyp, deňiziň bioköpdürliligini goramak we deňiz serişdelerinden durnukly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......