Türkmenistanyň döreden ynsanperwer geçelgesi arkaly 4640 adam öz ýurduna dolandy

  • 28.06.2025 01:15
  • 10k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri amala aşyrýar. 
Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara  howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatlarynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.
Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň we Amerika kontinentiniň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar.
Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we halkara guramalar bilen  utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara guramalary we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan hem durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirildi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......