Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip edýär

  • 26.06.2025 12:05
  • 5.3k+

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.

Bu barada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde beýan edildi. Bu ugurda şertnamalaryň taslamalaryny ýakyn wagtda tamamlamagyň zerurlygy nygtaldy. Taraplar Hazar deňzi meseleleri boýunça işjeň dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Raşid Meredow we Sergeý Lawrow gepleşikleriň barşynda Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berdiler.
R.Meredow kenarýaka döwletleriň arasynda sazlaşykly özara hereketleriň möhümligini aýratyn nygtady. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde aýdyň kesgitlenilendigi bellenildi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......