R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi

  • 14.06.2025 11:10
  • 2k+

13-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gyny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan bir­nä­çe mag­lu­mat­lary we tek­lip­leri be­ýan etdi.

Hususan-da,

  • COP29 maslahatynda kabul edilen resminamalara Türkmenistanyň go­şul­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýylyň 21-nji iýu­nyn­da Aşgabatda daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär;
  • Şeý­le-de hä­zir­ki wagt­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar;
  • Baş As­samb­le­ýa­nyň öňü­miz­dä­ki ses­si­ýa­sy­na hö­dür­le­nil­jek Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýa we onuň bi­len goň­şy döw­let­ler üçin çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­lä­ni goş­mak tek­lip edil­ýär;
  • Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny hem-de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­ taý­ýar­la­ny­ldy we ol äh­li ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ga­ra­ma­gy­na ibe­ri­ldi;
  • Türk­me­nis­tan se­bit­de 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Aral bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­ny ka­bul eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şol res­mi­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy, şeý­le hem 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin tä­ze mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin şu ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär;
  • Mil­li de­re­je­dä­ki eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra suw akar­la­ry­nyň gä­mi gat­naw­syz gör­nüş­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň hu­ku­gy ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy aý­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma de­giş­li ul­gam­da hu­kuk düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Bu me­se­lä­ni şu ýy­lyň 5-nji iýu­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de ge­çi­ril­jek pu­da­ga­ra mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne goş­mak tek­lip edil­ýär;
  • BMG-niň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­nyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kar­ta­sy” iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu res­mi­na­ma­ny tas­syk­la­mak üçin Hö­kü­met de­re­je­si­ne çy­kar­mak tek­lip edil­ýär.

Serdar Berdimuhamedow hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan tek­lip­le­ri gol­dap, wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.


düýn 13:14
2.5k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

düýn 12:09
6.5k+

Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

düýn 12:05
5.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bitirilen işleriň netijeleri jemlendi......

18.04.2026 00:06
13k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......