20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi

  • 22.05.2025 00:31
  • 12k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizdi.

Awtobus Aşgabatdan (A. Nyýazow şaýoly, 422, Halkara awtomenzil) sagat 10:30-da, Türkmenbaşydan bolsa sagat 10:00-da ugraýar. Ozal bu ugur boýunça diňe bir awtobus gatnawy hereket edýärdi.
Biletleri awtomenzilleriň kassalaryndan satyn alyp bolýar. Bir tarapa gitmek üçin ýol nyrhynyň bahasy 65 manat.

Goşmaça maglumatlary kärhananyň www.auh.com.tm resmi saýtyndan, «Şäherara bilet» ykjam goşundysyndan ýa-da şu telefon belgilerine jaň edip, alyp bilersiňiz: +99361-49-34-95, 44-35-30, 44-35-20.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......