Raşid Meredow Tähran dialog forumy – 2025-de çykyş etdi

  • 20.05.2025 14:08
  • 4.4k+

18-19-njy maýda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

R.Meredow “Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş edip, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşyny beýan etdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatyndaky ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi, şol sanda milli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, demir we awtoulag ýollarynyň gurluşygy, Hazar deňzinde port infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sebit üstaşyr başlangyçlaryna gatnaşmagy ýaly ugurlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň energetika ugrunyň ähmiýeti barada bellenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça edýän tagallalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de Günbatar Aziýa sebitine elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek barada aýdyldy.
Tähran dialog forumynyň çäklerinde R.Meredow bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......